Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda BMG-niň sebitleýin taslamasynyň jemi jemlendi

17:3428.10.2020
0
696

Golaýda Lebap welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatlarynyň, bäsleşikleriniň, taslamalaryň jemi boýunça duşuşyk geçirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oňa welaýatyň ýaşlary, Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda «Telekeçilik meýilnamasyny» düzmek boýunça geçirilen bäsleşikde öňe saýlananlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu duşuşyk terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanyp, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň