Habib – Getži tutluşygy ýarygijeden soň başlar

13:2724.10.2020
0
1103
Habib – Getži tutluşygy ýarygijeden soň başlar

Şu gün BAE-niň paýtagty Abu-Dabide UFC-niň çäklerinde taryhy tutluşyklaryň biri geçiriler. UFC-254 ady bilen geçiriljek bu tutluşykda russiýaly Habib Nurmagomedow bilen amerikaly Jastin Getži özara güýç synanyşar.  Tutluşygyň gijäniň ýaryndan soň, has takygy, 00:30-dan soň başlamagyna garaşylýar. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu Habib Nurmagomedowyň 28-nji duşuşygy bolar. 32 ýaşly türgeniň häzirki wagta çenli ýeňlişi ýok. Onuň garşydaşy Getži bolsa geçiren 24 duşuşygynyň 22-sinde ýeňiş gazanyp, 2-sinde asgyn geldi. Habib soňky duşuşygynda Daston Porýeden, Getži bolsa Toni Fergýusondan üstün çykypdy. Bu gijeki duşuşyk Russiýanyň “REN TW” hem-de Täjigistanyň “Warziş” teleýaýlymlary arkaly görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň