Top.Mail.Ru

1-nji noýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi işläp başlar

22:0416.10.2020
0
49311

16-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, milletiň Lideriniň sanly ykdysadyýeti ähli ugurlarda giň gerim bilen ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, wirtual serginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylaryny, telefon belgilerini we beýleki salgylanmalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplaryň sanyny bilmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer serginiň şu ýylyň 1-nji noýabryndan Internet ulgamynda öz işine başlamagynyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini, giň gerimli işleriň geçirilip, uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzir Türkmenistan batly gadamlar bilen ösýän, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan döwlet hökmünde dünýä giňişliginde tanalýar. Berkarar Watanymyzda giň gerimli taslamalar we netijeli başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milletiň Lideri belledi.

Çalt üýtgeýän bazar şertlerinde ykdysadyýetiň döwlet düzümlerine, şeýle hem hususy kärhanalara häzirki we geljekki sarp edijileri özleri we alyp barýan işleri barada has doly we takyk maglumatlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.

«Wirtual sergi» taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky döwürde Internet ulgamynda ählumumy wirtual sergileriň sany tiz artyp, olara gatnaşyjylara öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Wirtual diwarlyklarda maglumat we aragatnaşyk, harytlaryň suratlary we beýany barada maglumatlar ýerleşdirilmelidir. Şonuň üçin şeýle sergileri Türkmenistanda giňden ornaşdyrmak üçin innowasion tehnologiýalary we nou-haulary zerur boldugyça işjeň çekmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti taslamany amala aşyrmak hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda geçirilýän işleri makullap, degişli ugurda geçirilýän işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň