Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gozgalmaýan emläk agentleriniň hyzmatlaryna isleg barha artýar

12:2714.10.2020
0
19413

Soňky döwürde urbanizasiýanyň artmagy bilen ýaşaýan ýerlerini üýtgetmek isleýän adamlaryň sany köpelýär, adamlaryň köpüsi welaýatlardan merkeze göçmek ýa-da işe has ýakyn ýere göçmek islese, köpüsi oba göçmegi, tebigata has ýakyn bolmagy isleýär.

Paýtagtymyzyň gozgalmaýan emläk bazarynda dürli ugurlar boýunça köp sanly geleşikler edilýär: satyn almak, satmak, kärendesine bermek, sowgat etmek we ş.m. Şol sebäpden hem, ýörite taýýarlygy bolan alçak gozgalmaýan emläk amallaryny baglaşmagy başarjaň hünärmenleriň zerurlygy ýüze çykýar. Ol hünärmen müşderilere şertnamalar baglaşmaga kömek edýär, maslahat berýär, ýaşamak üçin jaý ýa-da edara jaýyny tapmaga kömek edýär.

Mundan başga-da onuň wezipelerine şular girýär:

  • kärendesine alnan ýa-da satylýan gozgalmaýan emläk hakda iň täze maglumatlara eýe bolmak;
  • gozgalmaýan emläk bazaryny öwrenmek, belli bir jaýa bolan islegi kesgitlemek;
  • müşderileriň tabşyrygy boýunça satmak, satyn almak, kärendesine almak barada gepleşmek;
  • belli bir emläge isleg bildirýänleri gözlemek.

Şeýle hünärmenler müşderilere diňe bir gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly meseläni çözmäge däl, eýsem wagt tygşytlamaga hem kömek edýär, bu bolsa geleşikler baglaşylanda aldawdan we ýalňyşlyklardan gaça durmak üçin örän möhümdir.

"Güneşli Zaman" gozgalmaýan emläk gullugy häzirki wagtda şeýle hünärmenleri gözleýär. Agentligiň boş ýerleri barada maglumatlary şu salgydan görüp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň