Arhiw

TÝL — 2020: «Altyn asyr» çempionatdaky ýeňilmezlik tapgyryny 10 duşuşyga çykardy

15:5511.10.2020
0
5577

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsümindäki ýeňilmezlik tapgyryny 10 duşuşyga çykardy. Eger «Ahal» bilen bolan Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygy hem goşsak, bu sany 11-e çykaryp bileris.

Iň soňky gezek 9-njy maýda, çempionatyň 7-nji tapgyrynda myhmançylykda geçirilen duşuşykda «Nebitçiden» 0:1 hasabynda asgyn gelen «Altyn asyr» şondan soňra diňe 16-njy tapgyrda «Ahal» bilen deňme-deň oýnady. Galan dokuz duşuşykda bolsa «aragatnaşykçylar» ýeňiş gazandy.

Şu möwsümde garşydaş derwezelere jemi 45 pökgi geçiren «Altyn asyr» şolaryň 24-sini şol 10 duşuşykda geçirdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 17-nji tapgyrda «Şagadamy» hem 2:0 hasabynda ýeňendigini, şeýlelikde, şu möwsümde 40 utuk toplan ilkinji topar bolandygyny ýatladýarys. Häzir «Altyn asyr» ýaryşdaky iň ýakyn bäsdeşi bolan «Ahaldan» 5 utuk öňde.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň