Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýyldaky G20 sammitiniň geçirilmeli senesi belli boldy

13:1328.09.2020
0
1478

G20 sammiti şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmekliginde onlaýn usulda geçiriler. Bu barada G-20 web sahypasynda habar berildi.

G20 – ýokary derejede ösen we ösýän ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň hem-de merkezi banklarynyň ýolbaşçylarynyň halkara guramasydyr. Umuman alanyňda, G20 dünýädäki jemi içerki önümiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini we dünýä ilatynyň üçden iki bölegini tutýar. G20 halkara guramasy 20 sany milli ykdysadyýeti öz içine alýar. Olar ABŞ, Germaniýa, Argentina, Awstraliýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Indoneziýa, Italiýa, Hindistan, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika, Ýaponiýa we Ýewropa bileleşigidir.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň