Soňky habarlar

Arhiw

Soňky bir ýylda Türkmenabat şäherinde 600-e golaý maşgala täze jaýlara göçüp bardy

16:1922.09.2020
0
1032

Soňky bir ýylyň içinde Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 4-si açylyp, ulanylmaga berildi. Täze öýlere 592 maşgala göçüp bardy — diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Geçen ýyl, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 24 ýyllyk baýramynyň bosagasynda şäheriň Magtymguly etrapçasynda her biri dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi. «Altyn gül» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen jaýlara 72 maşgala göçüp bardy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi ulanylmaga berildi. Polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin gurlan jaýlaryň üçüsi 32, biri 40 öýlüdir. Şeýlelikde, ýene-de 136 maşgala ýanwar aýynda täze öýlere göçüp bardy. Täze jaýlary «Zerger» demirbeton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary gurdy.

Şu ýyl şäheriň Amul şäherçesinde — «Altyn täç» restoranynyň gabat garşysynda hem döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi. Her biri 24 öýli jaýlara bagtly maşgalalaryň 48-si göçüp bardy. «Asyl ýurt» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze jaýlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29-njy ýylynyň gündogar sebitdäki ýakymyna ýakym goşdy.

Garaşszylyk baýramynyň öňüsyrasynda açylyp, ulanmaga berlen täze ýaşaýyş jaý toplumynda 336 maşgala bagtly durmuşyň hözirini görüp ýaşar. Türkmen gurluşykçylarynyň nobatdaky kämil işine öwrülen bu binalar hem şäheriň, hem bagtyýar ýaşaýşyň görküne görk goşýar.

Ýokarky maglumatlardan hem görşüňiz ýaly, soňky bir ýylyň içinde diňe Türkmenabat şäherinde 592 maşgala täze jaýlara göçüp bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň