OGT — 2020 onlaýn görnüşde geçiriler

18:0121.09.2020
0
1613
OGT — 2020 onlaýn görnüşde geçiriler

Bu ýyl «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020» (OGT-2020) XXV halkara forumy 28-29-njy oktýabr aralygynda geçiriler. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek forum onlaýn ýagdaýda geçiriler hem-de Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda alnyp görkeziler. Bu barada TM Cars habar berýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylygyndaky duşuşyklary hem onlaýn formatda guralar.

Çykyşlaryň esasy temalary global we milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ýollary, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlary, Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa pudaklarynyň geljegi hem-de beýleki möhüm meseleler barada bolar.

Şeýle hem tejribe alyşmak we foruma gatnaşyjylara Türkmenistanda iň möhüm nebitgaz taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat bermek maksady bilen, tanyşdyryşlar we panel çekişmeleri meýilleşdirilýär.

Eýýäm häzirden dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bu halkara foruma gatnaşjakdyklaryny habar berdiler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň