Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“HUAWEI Y9a” smartfony hödürlendi

18:0708.09.2020
0
909

“HUAWEI” şereketi “Y9a” atly smartfon hödürledi (geçen hepde yglan edilen “Enjoy 20 Plus” modeliniň global wersiýasy).

“HUAWEI Y9a” enjamy 2400x1080 piksel ölçegde  60 gers tizlige eýe bolan 6,63 dýuýmlyk IPS ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam “MediaTek Helio G80” ykjam platformasyna esaslanýar, 6 ýa-da 8 Gb RAM we 128 Gb ammar bar. Täze enjam “Android 10” ykjam operasiýa ulgamynda işleýär.

4200 mAh akkumulýator “HUAWEI Y9a” smartfonynyň özbaşdak işlemegini üpjün edýär. Bu ýagdaýda çalt zarýad beriş tehnologiýasynyň güýji dürli bazarlar üçin üýtgeşik bolar.

“HUAWEI Y9a” enjamynyň esasy kamerasy 64, 8 durulykda (120 gradus burçly giň burçly optika), 2 (makro obýektiw) we 2 MP-lik (çuňluk datçigi) dört datçikden ybarat. Öňe çekmek mehanizmi bilen enjamlaşdyrylan enjamyň öň kamerasynyň şekil ululygy 16 MP. Smartfon gulaklyk (nauşnik) üçin 3,5 mm birleşdiriji, “USB Type-C” porty, “LTE” modemi, iki zolakly modul “Wi-Fi 802.11ac”, “Bluetooth 5.1” we “GPS” bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täze enjamyň çykarylan senesi soň öndüriji tarapyndan yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň