«Balkan» gazetinde çap edilen uly göwrümli söhbetdeşlikde türkmen futbolynyň parlak ýyldyzlarynyň biri Goçguly Goçgulyýew futbola arakesme berip, 25 ýyldan soňra Balkanabada dolanyp barmagynyň sebäbi barada aýtdy.
«1995-nji ýyldan—gidenimden 24 ýyl geçenden soňra, dogduk şäherim Balkanabada ymykly dolanyp geldim. ... maşgala ýagdaýym sebäpli gelmeli boldum. Käbir topardan tälimçilige çakylyk bolsa-da, häzirki wagtda telekeçilik bilen meşgullanyp, futbola arakesme berdim» diýip, ol žurnalistiň futboldan daşlaşmagynyň sebäbi baradaky sowalyna jogap berdi.
Söhbetdeşlikde hem aýdyşy ýaly, onuň futbol bilen bagly ykbalynyň başlangyjy okuwçy döwürleri bilen baglanyşykly. Bu barada Goçguly Goçgulyýew şeýle ýatlaýar:
«Şol wagtlar Balkanabadyň «Arlan» diýen topary bardy. Men onuň türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşardym. Serdar şäheriniň «Arkaç» toparam ýurdumyzyň çempionatynyň birinji ligasynda oýnardy. Ine, şol toparyň tälimçilerem «Arlandaky» türgenleşiklerimi görüp, «Arkaja» çagyrdylar. Şeýdibem, uly futbola Serdar şäheriniň topary bilen gadam basdym.
—Goçguly, «Arkaçdan» başlap, ähli oýnan toparlaryň hakynda gysgaçadan jikme-jik gürrüň beräýseň.
—Öňki meşhur futbolçy Annaly Garadanowyň tälimçilik etmeginde Balkanabadyň birinji ligada çykyş eden «Balkany» «Arkaçdan» soňky toparym boldy. 1995-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girýänçäm, şol toparda oýnadym. Talyplyk ýyllarymda bolsa okuwymyň daşyndan oýnamak üçin şol wagtlar ýokary ligada çykyş edýän «Büzmeýin» toparyna çagyrdylar. Hut şol topardakam ilki ýaşlar ýygyndymyzyň tälimçisi Rawil Menzeleýewden, soňra milli ýygyndymyzyň gruziýaly baş tälimçisi Jemal Guguşwiliden çakylyk aldym. Ýygyndymyzyň ikinji tälimçisem Täçmyrat Agamyradowdy. Şonuň çakylygy bilen men ilki paýtagtymyzyň «Dagdanynda», alty aýdan soňam «Köpetdagda» oýnap başladym.
Instituty tamamlanymdan soňra, Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edip, çykyşymy ýene-de «Köpetdagda» dowam etdirdim. Ondan soňra Gazagystanyň Pawlodar şäheriniň «Irtyş» toparynyň çakylygyny kabul etdim. 2002-nji ýylda-da Özbegistanyň Daşkent şäheriniň «Pahtakorynda» baş tälimçi bolup işleýän Täçmyrat Agamyradow meni topara çagyrdy. 2005-nji ýyla çenli «Pahtakorda» oýnadym, şol ýylam Täçmyrat Agamyradow meni Gazagystanyň «Kaýrat» toparyna alyp gitdi. 2007-nji ýylda Özbegistanyň «Bunýodkor» toparynyň hataryna goşuldym. Bu toparda 2010-njy ýylyň futbol möwsümi tamamlanýança çykyş edip, ata Watanyma dolandym. 2011-nji ýylda Balkanabadyň «Gara Altyn» toparynda oýnadym. 2012-nji ýyldan başlabam paýtagtymyzyň HTTU toparynda ilki oýnaýan tälimçi, soňra ikinji tälimçi bolup işledim. 2013—2019-njy ýyllar aralygynda bolsa HTTU, «Altyn Asyr» toparlarynda, şeýle-de milli ýygyndymyzda ikinji tälimçiniň wezipesini alyp bardym. Ine, şeýdibem 1995-nji ýyldan—gidenimden 24 ýyl geçenden soňra, dogduk şäherim Balkanabada ymykly dolanyp geldim».