Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzly işewürler sowadyjyly ammarlary gurýarlar

20:3426.08.2020
0
9595

Daşoguz welaýatynda birbada 30 tonna oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny saklamaga niýetlenen ýurdumyzyň demirgazygynda ilkinji hususy ammaryň gurluşygyna girişildi.

Toplumy S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy R. Saburow gurýar. Umumy meýdany 0,7 gektar ýerde azyk önümlerini uzak wagtlaýyn we ýokary hilli saklamak üçin oňaýly şertler dörediler. Taslamada ammarlaryň ikisi we edara jaýy, şeýle hem tehniki binalar göz öňünde tutulan.

Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilen ykdysady şertler, şol sanda ýeňillikli karz we uzak möhletleýin ýer bölünip berilmegi netijesinde önüm öndürilişiniň möçberi artýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň demirgazygynyň ekarançylary bellenilen möçberde strategik taýdan möhüm ekinler bolan pagta we galla öndürmekden başga-da, 35 müň tonna şaly, 63 müň tonna kartoşka, 34 müň tonnadan gowrak sogan, 58,5 müň tonna bakja ekinlerini öndürmegi göz öňünde tutýarlar.

Munuň özi ýygnalan hasyly saklamaga niýetlenen binalar ulgamyny giňeltmegi şertlendirýär. Bu möhüm wezipäni çözmäge döwlet edaralary bilen birlikde telekeçilik düzümleri-de işjeň gatnaşýarlar. Olaryň tagallasy bilen ýakyn ýyllarda sebitde azyk önümlerini saklamaga niýetlenen dürli göwrümli sowadyjyly ammarlaryň ikisni gurmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň