Arhiw

Putin kosmonawt Oleg Kononenkony orden bilen sylaglady

10:2624.08.2020
0
12399

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany  kosmonawt Oleg Kononenkony “Watan öňündäki hyzmatlary” ordeniniň II derejesi bilen sylaglady.

Rus Lideriniň gol çeken resminamasynda, bu hormatly orden bilen Kononenkonyň kosmos işiniň ösmegine goşan goşandy, kosmos gözleginde we ulanylyşynda batyrlygy we ýokary ussatlygy görkezendigi üçin sylaglanýandygy aýdylýar.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabatda doguldy. Etrapda ýerleşýän 15-nji orta mekdebi tamamlap, Harkowa gidýär. Ol ýerde Awiasiýa institutyna okuwa girip, ony üstünlikli tamamlaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, 1988-nji ýylyň aprelinde geljekki kosmonawt Kuýbyşew şäherine (Samara) işe iberilip, Ýöriteleşdirilen merkezi konstruktorlar býurosynda işe başlaýar. 1996-njy ýylda bolsa kosmonawtlar toparyna kabul edilýär. Ol häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň “Kosmonawtlary taýýarlaýan Ý.A.Gagarin adyndaky Ylmy-barlag synag merkezi” Federal döwlet býujet edarasynyň kosmos işi boýunça “ROSKOSMOS” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi bolup zähmet çekýär.

Türkmenistanda kosmos pudagynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýan uçarman-kosmonawt, Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko  2008-nji ýylda kosmos giňişligine amala aşyran ilkinji saparynda öz ýany bilen ata Watanynyň mukaddes nyşanlary hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Prezidentiň Tuguny we uly bolmadyk türkmen halysyny alyp gitdi. Ýere gaýdyp gelenden soň, olary Türkmenistanyň Prezidentine gowşurdy. 2018-nji ýylda bolsa Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny ýerleşdirdi.

Dünýäniň 473-nji, Russiýa Federasiýasynyň 102-nji kosmonawty O.Kononenko häzirki wagta çenli älem giňişligine dört gezek uçuş amala aşyryp, umumylykda 737 gije-gündiz älemde bolup, ozalky rekordy täzelemegi başardy.

2019-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanda doglan Russiýanyň raýaty Oleg Kononenkow “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen hormatly at dakyldy we “Altyn Aý” – aýratyn tapawutlandyryş medaly bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň