Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“RoBeetle” – kiçijik robot

13:0022.08.2020
0
824

Hünärmenler 1 gramdan has ýeňil bolan “RoBeetle” atly enjamy işläp taýýarladylar. Mikro ölçegdäki “RoBeetle” batareýa däl-de, metanol bilen işleýär. Metanol köplenç doňaklygy çözmekde hem-de antifrizlerde ulanylýar. Emma alkogolyň bu görnüşini energiýa hökmünde hem ulanyp bolýar. Kiçijik robotyň aýaklary metanolyň ýanmagy netijesinde ýüze çykýan ýylylyk sebäpli kiçelýär, sowandan soňra uzaýar. Bu bolsa onuň hereket etmegini üpjün edýär. “RoBeetle” öz göwresinden has uly iş bitirýär. Mysal üçin, ýapgytdan ýokary çykyp bilýär, beton we aýna ýaly tekizliklerde hereket edýär. Onuň ýük göterijiligi öz agramynyň 2,6 essesine barabar. Ol bir gezek ýangyç doldurylanyndan soňra 2 sagat işläp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň