“Apple A 14 Bionic” we “A14X Bionic” prosessorlarynyň üstümizdäki ýylyň güýzünde hödürlenjek “iPhone 12” we “iPad Pro” modellerinde gurulmagyna garaşylýar. Bu ýokary öndürijiligi wada berýän ilkinji uly 5 nanometrlik prosessor modelleridir. Täze ýaýradylan maglumata görä, “Apple A14X Bionic” modeli öndürijilik taýdan hatda “Intel Core i9” bilen-de bäsleşer. Bu barada 4pda saýty habar berdi.
Luke Miani atly tehnolog öz Twitter hasabynda “Apple” şereketiniň täze prosessor modelleriniň “Geekbench 5” synagynyň netijelerini ýerleşdirdi. Onuň sözlerine görä, adaty “A14 Bionic” modeli öndürijilik taýdan “A12X Bionic” modeli bilen deň bolar. “A14X Bionic” modeli bolsa göze görnüp duran tapawut bilen öňe gidip, 7480 bal gazandy. Eger bu maglumat dogry bolsa, “Apple” şereketiniň täze “A14X Bionic” modeli öndürijilik nukdaýnazaryndan “Intel Core i9-9880H” modeliniň öndürijiligi bilen deň derejede bolar.