Aşgabatlylar «Arassa şäher» taslamasyna goldaw berýärler

10:5131.07.2020
0
18839

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti mundan alty aý ozal Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda «Arassa şäher» atly taslamasyny işe girizipdi. Bu taslama laýyklykda, şäherde ulanylan plastmassa, aýna galyndylaryny, kagyzlary zilibile taşlamakdan saklanylyp, olar gaýtadan işlemek üçin taslamanyň hünärmenlerine tabşyrylýar.

«Turkmenportalyň» habarçysy taslamanyň wekilleri bilen söhbetdeşlik geçirdi. Şol söhbetdeşlikde:

«Şäherimiň arassaçylygyny maksat edinýän taslamany goldaýjylaryň sanynyň barha artýandygyna begenýäris. Bu jemgyýetçilik aňynyň ösýändigini hem görkezýär. Şeýlelikde, häzir ýygnanan plastmassa galyndylaryny tabşyrmaga isleg bildirýänler juda köp. Biz, dogrusy, olary ýygnap hem ýetişemzok. Häzirlikçe, ýekeje awtoulagymyz bar. Emma işjeň agzalarymzyň kömegi bilen bu iş bolmalysy ýaly amala aşyrylýar. Olar bize galyndylary ýygnamaga ýardam berýärler» diýip, hünärmenler gürrüň berdiler.

Häzirki wagtda bu iş belli bir ulgam boýunça alnyp barylýar. Işjeňler belli bir möçberdäki galyndylary ýygnap, taslamanyň hünärmenlerini çagyrýarlar. Hünärmenler hem olary öz gezeginde hojalyk harytlaryny gaýtadan işleýän we öndürýän hususy taraplara tabşyrýarlar.

Tebigaty goramak jemgyýeti ähli paýtgatlylara bu taslamany durmuşa geçirmäge goşant goşmaga çagyrýar. Taslamanyň wekilleri bilen şu telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 63 86 43 55.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň