“Tesla” bilen bäsleşer

17:5216.07.2020
0
1130

Geçen ýyl Tokýoda geçirilen awtoulag sergisinde nusgalyk görnüşde görkezilen “Nissan Ariya”-nyň tehniki aýratynlyklary mälim edildi. Ýapon ulagynyň owadan dizaýny we tehniki aýratynlyklary onuň “Tesla Model Y” modeliniň ýiti bäsdeşi boljakdygyny görkezýär. Ulagyň dört görnüşi bolar. Olaryň iň kuwwatlysy bir gezekki zarýady bilen 480 kilometr ýol geçýän bolsa, iň kiçisinde bu görkeziji 360 km bolar. “Ariya” kiçi nusgasynyň öňki tigirleri aýlanýar. Kuwwaty 218 at güýjüne barabar bolan ulagda bir sany hereketlendiriji oturdylypdyr. Bu ulagyň ýokary tizligi sagatda 159 km. Iň kuwwatly görnüşiniň jemi 394 at güýjüne barabar kuwwaty bolan iki hereketlendiriji oturdylypdyr. Bu ulag 200 km/sagat tizlik bilen hereket edýär.

Ulaglaryň içki dizaýnynda ösen multimediýa we ses ulgamy göz öňünde tutulypdyr.  Täze ulagyň ýene bir ýyldan satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Ulagyň iň arzanynyň bahasynyň 40 müň dollar boljakdygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň