Milan 31 ýyldan soň Ýuwentusyň derwezesinden 4 gol geçirdi

11:1908.07.2020
0
374
Milan 31 ýyldan soň Ýuwentusyň derwezesinden 4 gol geçirdi

Italiýanyň çempionaty Serie A-da 31-nji tapgyryň çäginde taryhy duşuşyk oýnaldy. Soňky tapgyrlarda şowly çykyş edýän 2 klub Milan bilen sanawyň lideri Ýuwentus San Siroda duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda Ýuwentusyň hüjümleri agdyklyk etse-de, hasap açylmady. Ýöne 2-nji ýarymy welin başgaça bolan oýunda Ýuwentus bu duşuşygyň öňüsyrasy Lasionyň utuk ýitirmegi bilen arany açyp arkaýynlaşmakçy bolýardy. Bu şeýle-de bolup başlapdy. 47-nji minutda Adrien Rabio birnäçe oýunçyny aldap owadan urgy bilen hasaby açdy. Bu goldan 6 minutdan soň, Ronaldo ýerli toparyň goragçylarynyň ýalňyşlygyndan peýdalanyp, hasaby 2-0-a çykardy. Duşuşygyň soňky 30 minutynda bolsa, başgaça oýun görkezen Milan yzly-yzyna gollar geçirip, 4-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 18 minutda 4 gol geçiren Milanyň gollaryny 62-nji minutda penaltiden Zlatan Ibrahimowiç, 66-njy minutda Frank Kessi, 68-nji minutda Rafael Leau hem-de 80-nji minutda Ante Rebiç derwezä girizdi. 

Şeýlelikde, mejbury arakesmeden soňky 5 oýnuň 4-sinde ýeňiş gazanan Milan 31 ýyldan soň, Ýuwentusyň derwezesinden 4 gol geçirmegi başardy. Soňky gezek Rossonerililer Ýuwentusyň torundan 1989-njy ýylyň martynda 4-0 ýeňipdi. Ýuwentus bolsa, soňky gezek 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda bir duşuşykda derwezesinden 4 gol geçirdipdi. Şonda Real Çempionlar ligasynyň finalynda Ýuwentusy 4-1 ýeňipdi.

Şeýle-de çempionatda 7 ýeňişden soň, ilkinji gezek utulan Ýuwentusyň super ýyldyzy Ronaldo karýerasy boýunça 10-njy gezek 1 möwsümde 25-den köp gol geçirdi. Ol bu ugurda TOP – 5 çempionatda Lionel Messi bilen deňleşdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň