"Aýdyň gijeler" kompaniýasy smart telewizorlary internet arkaly satlyga çykardy

10:0307.07.2020
5
108137

«Aýdyň gijeler» kompaniýasy ilkinji ýerli smart telewizorlary öz resmi saýtynda Internet arkaly satlyga çykardy.

4K Ultra HD hilli «Tolkun» we «Zemin» kysymly telewizorlaryň bahalarynyň elýeterdigini turuwbaşdan aýtmak gerek. Mysal üçin, 32 dýumlyk «Tolkun» smart telewizorlary 942,32 manatdan satylýar. Telewizoryň şu görnüşiniň 42 dýumlygy bolsa 1779,47 manat bahalanýar. Şeýle hem kompaniýa 55 dýumlyk «Zemin» telewizorlaryny 2736,55 manatdan satýar.

Ilkinji ýerli smart telewizorlar döwrebap mümkinçilikleriň ählisi bilen üpjün edilen. Ol Hytaýyň «Xin Hong Bo Trading Limited» kompaniýasy bilen bilelikde ýygylýar.

Kompaniýanyň resmi saýtyndan telewizor satyn almak örän ýönekeý. Munuň üçin saýtdaky «Telewizor» bölüminde girmeli hem-de «Sargamak» diýlen ýerinden gerekli maglumatlary doldurmaly. Şondan soňra kompaniýanyň wekilleri görkezilen belgä jaň edip, eltip bermek hyzmatynyň galan şertleri barada maslahatlaşýarlar.

Şunda eltip bermek hyzmatynyň mugtdugyny aýratyn nygtamak gerek. Pul haryt getirilensoň we barlagdan geçirilenden soň, nagt görnüşinde berilýär.

Şeýle hem kompaniýanyň resmi saýtynda kompýuterleriň, routerleriň, kommutatorlaryň we LED çyralaryň satylýandygy görkezilýär. Ýöne heniz saýtda olaryň bahasy ýerleşdirilmändir.

2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän kompaniýa her okuw ýylynyň başynda birinji synpa barýan körpeleri öwrediji kompýuterler bilen hem üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň