Döwlet ýolbaşçylary şypahanalarda dynç alar

23:0804.07.2020
0
15157

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 7-nji iýuldan 6-njy awgusta çenli dynç almak üçin rugsat berildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, hökümet agzalary «Arçmanda» ýa-da «Ýyly suwda» we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Milletiň Lideri obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, pagta ýygymy bilen bagly ýolbaşçylar bilen maslahatlaşyp, bu meselä özleriniň seretmegini tabşyrdy. Eger, agrotehniki çäreler bilen bagly işleriň häzirki gyzgalaňly döwründe dynç almagy makul bilmeseňiz, onda siz pagta ýygymyndan soň dynç alyp bilersiňiz diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň