Şu gün – 24-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyndaky Gyzyl meýdançada geçirilen Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýörişe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Iki sany “Gaz M20” Pobeda ulagynda, türkmen harbylary Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we 206-njy pyýada goşun bölüminiň 748-nji pyýada polkunyň söweş baýdagyny göterip geçdiler. Şol söweş baýdagynyň astynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew söweşdi.
Jemi 14 müňden gowrak harby işgär, 200-den gowrak tehnika we 75 uçar ýörişe gatnaşýar. Ýörişe 13 daşary ýurtly harby adamlar hem gatnaşýar: Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Moldowa, Mongoliýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.
Türkmenistanyň Moskwadaky harby wekiliýetine goranmak ministri general-maýor Begenç Gündogdyýew ýolbaşçylyk etdi.
Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistandan gelen esgerler ýokary derejede edermenlik, gahrymançylyk we watana wepalylyk görkezdiler. Olardan 70 müňden gowragy hormatly atlar we medallar bilen sylaglandy. 104 sany türkmen raýaty “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen ýokary derejä eýe boldy, 15-si Şöhrat ordeniniň doly derejeli eýesi boldy. Müňlerçe watandaşymyz gazaply söweşlerde başlaryny goýdy. Türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna takmynan, 7,400 kilogram altyn we kümüş şaý-sepleri tabşyryp, ýokary ynsanperwerlik görkezdiler.