Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX halkara sergi geçirildi

10:5825.05.2020
1
14689

25-nji maýda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergi geçirildi. Sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezdi ― diýip, TDH ýazýar.

Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady toplumyny birleşdirip, oňa ykdysadyýetiň hem-de maliýe-bank ulgamynyň, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk edaralarynyň, hususy telekeçiligiň kärhanalaryny girizdiler.
Şu ýyl sergä gatnaşyjylaryň 70-den gowragy, şol sanda firmalaryň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümleriniň hilini we köpdürlüligini görkezdiler.

Şu gezek geçirilýän sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini hem-de dürli pudaklaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň önjeýli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyny görkezýär.

Sergide ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimine göz ýetirmek üçin dolandyryş we edara binalarynyň, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly maketleri we çyzgylary ýerleşdirildi. Bu ýerde görkezilen innowasion taslamalaryň agramly bölegi Watanymyzyň şäherlerini mundan beýläk-de oýlanyşykly, netijeli hem-de gözel görnüşde ösdürmäge täze çemeleşmeleri beýan edýär. Zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri olaryň döredijilik işlerinde öz beýanyny tapýar.

Şeýle hem sergide telekommunikasiýa, energetika,  nebit we gaz, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba we suw hojalygy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goramak we bag ekmek — bularyň ösüş depgini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda wideoşekillerde, nepis taýýarlanan maketlerde, metbugat neşirlerinde — dürli reňkli bukletlerde, broşýuralarda, žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň