Soňky habarlar

Arhiw

“iPhone SE 2020” smartfonlaryna isleg ýokary

12:3423.05.2020
0
1018

“Apple” kompaniýasynyň golaýda satuwa çykarylan arzan bahaly “iPhone SE 2020” smartfonlaryna isleg ýokary boldy. Bu mobil enjamyň müşderileriniň uly bolegini hytaýly alyjylar emele getirdi. Telefonyň satuwy apreliň ortalarynda satuwa hödürlenen hem bolsa, Hytaýda aprel aýynda satylan “Apple” smartfonlarynyň 24 göterimini emele getirdi. Şeýle hem bu ýurtda “iPhone” satuwy geçen aý öňki aýdaka garanyňda 160 göterim ýokarlanypdyr. Amerikan brendi geçen aý 3,9 million smartfon ýerläpdir. Geljek aýlarda bu görkezijiniň has hem artmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň