Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda çeperçilik sergisi açyldy

09:3518.05.2020
0
6145

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Paýtagtymyzyň sergi merkeznde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis işleriniň sergisi açyldy ― diýip, «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron gazeti habar berýär.

Walentin Kudrýaşowyň belli işi tematiki serginiň mazmunyny beýan edýär. Onda nakgaş Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde eli türkmen topragynyň datly miwelerinden doly mejimeli gyzjagazy we senenamanyň gaýyp düşýän sahypalaryny şekillendiripdir.

Walentin Kudrýaşowyň «Galkynyş» we «Dabara» işlerinde hem milli baýramlaryň gözelligi çeper dili bilen beýan edilýär.

Natalýa Kulaginanyň «Magtymgulynyň gezen ýerleri» we «Gerkez obasy» diýen şahyrana manzarlary beýik türkmen dana şahyryna bagyşlanypdyr.

Berdisähet Gurbansähedowyň «Manzar» atly işi tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bir reňkli we assosiatiw keşplere ýugrulan surat žiwopis noktýurny tilsiminde çekilipdir. Aý ýalkymy öz ýumşak ýalpyldysy bilen derýa suwuna şahyrana keşp berýär.

Çeperçilik akademiýasynyň täze uçurymy Gurban Babatäjewiň sergide goýlan üç işini triptih hasaplasa-da bolar. Merkezde «Ýusup-Ahmet« dessanyndan bir ýordum: köpsanly esgerli goşunyň Köpetdagyň gaýalaryndan geçýän pursady şekillendirilipdir. Onuň manzar tilsiminde çeken beýleki iki suratynda: «Aw möwsümi» we «Garagum çöli» ýaly rowaýaty häsiýetli işlerinde awtora mahsus tilsim duýulýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret Gylyjow sergä «Sumbar derýasy» triptihini hödürläpdir. Ol özüne mahsus şadyýan we dok reňkler bilen derýany üç görnüşli çekipdir.

Annajahan Garajaýewanyň bäş günebakar desseli suratyna baksaň göwnüň göterilýär. Annajahanyň suratyndaky mawy asman astyndaky şahyrana günebakarlar häzirki döwrümiziň ― döredijiliki we parahatçylyk döredijilik eýýamynyň metaforasy hökmünde kabul edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň