Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Ýaşlar ligasy ― 2020: «Merwi» uly hasap bilen ýeňen «Altyn asyryň» ýaşlary bassyr sekizinji ýeňşini gazandy

20:5212.05.2020
0
5473

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň sekizinji tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

“Merw II” toparyny 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümi toplan 24 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat II” topary “şagadamly” deň-duşlaryny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryş tertibinde ýedinji basgançaga geçdi.

Ikinji orun urgunda ýiti göreş alyp barýan “Nebitçi II” bilen “Ahal II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk Balkanabadyň toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Sekizinji tapgyryň jemleýji duşuşygy Maryda geçirilip, onda ýerli “Energetik II” paýtagtymyzyň “Köpetdag II” toparyny kabul eder.

 

 Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Aşgabat II” – “Şagadam II” – 2:1

Gollar: 23 Hojanazar Gurbanow, 82 Süleýman Orazow (11 m.j.u.) ― 33 Süleýman Aşyrow.

 

 “Merw II” – “Altyn Asyr II” – 0:6

Gollar: 7, 25, 85 Begenç Akmämmedow, 36 Rahman Myratberdiýew, 45 Röwşenmyrat Ylýasow, 79 Begli Gurbandurdyýew.

 

 “Nebitçi II” – “Ahal II” – 2:0

Gollar: 78 Ýylgaýguly Abdyllaýew, 79 Şyhdurdy Amandurdyýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň