Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 7-nji tapgyr: «Köpetdag» «Merwi» ýeňdi

23:2208.05.2020
0
6789

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň ilkinji duşuşygy geçirilip, onda paýtagtymyzyň “Köpetdagy” Marynyň “Merwini” kabul etdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

“Köpetdag” stadionynda geçen bu duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Paýtagtymyzyň topary gazanan bu ýeňşinden  soň 11 utuk toplap, ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. 6 utugy bolan “Merw” topary bolsa 6-njy orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 9-njy maýda “Nebitçi” – “Altyn Asyr” hem-de “Energetik” – “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Aşgabat” – “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşk 17-nji iýuna süýşürildi.

                                

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 

“Köpetdag” – “Merw” 3:1

Gollar: 16 Batyrgylyç Berdiýew, 69 Ali Borjakow, 89 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 39 Alibek Abdurahmanow (“Merw”)

Bellik: Şiri Annaýew (“Köpetdag”) 16-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Duýdyryşlar: 45+2 Ýazgylyç Gurbanow, 60 Serdar Baýramow, 85 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 14 Döwlet Baýramow, 90 Islam Gurbow, 90+2 Şanazar Tirkişew (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 700.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň