Türkmen oba hojalyk uniwersiteti daşary ýurtlar bilen wideosapaklary guraýar

23:5417.04.2020
0
8960

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetinden (EMAU) oba hojalyk ylymlarynyň professory Gamlet Martirosýanyň wideosapagy guraldy.

Talyplar üçin niýetlenen sapak 2017-nji ýylyň awgustynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylalaşygy amala aşyrmagyň çäklerinde guraldy.

EMAU-nyň agronomçylyk fakultetiniň ösümlikçilik we topragy öwreniş kafedrasynyň professory «Oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň we tohumçylygynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ösdürmegiň ugurlary» diýen mowzuk boýunça sapak berdi.

Ol mysal hökmünde Ermenistanyň Agrar uniwersitetiniň, bu ýurduň beýleki seçgiçilik merkezleriniň degişli ugurda ylmy gazananlaryny getirdi. Sapak tamamlanandan soň, professor Martirosýan oňa gatnaşan türkmen talyplarynyň hem-de professor-mugallymlaryň sowallaryna jogap berdi.

Ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde ermeni professory tarapyndan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň adyna seçgiçilik gollanmalarynyň nusgalaryny ibermek teklip edildi. Onuň habar berşi ýaly, Ermenistanyň Milli agrar uniwersiteti şeýle gollanmalaryň 1500-den gowrak nusgasyna eýe bolup durýar.

Agrar uniwersitetinde bilim bermegiň usullary, Ermenistanda ösdürilip ýetişdirilýän dänelik ekinleriň görnüşleri, seçgiçilik tehnikalarynyň we tärleriniň aýratynlyklary babatda hem sowallar berildi, professor olara giňişleýin jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriň wekilleri şeýle sapaklaryň geçirilmeginiň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna umyt bildirdiler hem-de şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nobatdaky beýanyna öwrülip biljekdigini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň