Türkmenistanyň eksport harytlarynyň ilkinji wertual sergisi geçiriler

07:0011.04.2020
0
11006

10-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi. Bular barada TDH habar berýär.

Sanly sergi internet saýty görnüşinde döredilip, onda ösen tehnologiýalaryň we elektron şekilleriň üsti bilen ekspozisiýalary emele getirmek arkaly kärhanalar we guramalar, harytlar hem-de hyzmatlar, gazanylan ykdysady netijeler hem-de üstünlikler baradaky elektron maglumatlar ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlenilýär. Onuň wagty tygşytlamakda hem-de netijelilik babatda birnäçe artykmaçlyklary bolup, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň görnüşleri we hili baradaky maglumatlary ähli gyzyklanma bildirýän ulanyjylara ýetirmekde bähbitlidir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onlaýn meýdançalaryň ulanylmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny herekete girizmäge, täjirçilik tekliplerini alyşmak üçin şertler döretmäge, şeýle hem köp ýagdaýda internet-dükanlaryň we türkmen önümlerini ýerleýän söwda öýleriniň saýtlarynda ulanyjylaryň isleglerini başga bir ugra gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Eksport harytlaryň elektron sergisini Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde işläp taýýarlamak we onda birnäçe pudaklaryň we hususyýetçileriň elektron sergilerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Sergileriň şeýle görnüşde guralmagynyň oňa gatnaşýanlara maliýe, wagt we zähmet serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýändigini nazara alyp, işewür gatnaşyklaryň şeýle görnüşini ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine goldaw bermek üçin ulanylmagy bähbitli bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň