Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana resmi sapar bilen bardy

11:0911.03.2020
0
12254

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen gepleşikleri geçirmek üçin Baku şäherine resmi sapar bilen bardy.

Dostlukly döwletiň resmi wekilleri türkmen Liderini Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde gyzgyn garşyladylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany bu ýerden Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabulhanasyna ugrady.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. 2017-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana resmi sapary wagtynda iki ýurduň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk baradaky Jarnama, şeýle hem dürli ugurlarda özara peýdaly gatnaşyklary gurmak üçin mümkinçilik döredýän resminamalara gol çekilipdi.

TDH-nyň berýän habaryna görä, häzirki gepleşikleriň netijesinde hem ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň