Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Söhrat Söýünow bilen Serdar Geldiýew Malaýziýanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdiler

21:2801.03.2020
0
6695

Malaýziýanyň futbol boýunça çempionatynyň Superligasynyň Birinji tapgyrynda PDRM  öz meýdanynda «Sabah» bilen deňme-deň oýnady (0:0) diýip, «Metro» habar berýär.

Duşuşykda türkmen futbolçylary Şöhrat Söýünow bilen Serdar Geldiýew PDRM-iň esasy düzüminde meýdana çykdy. Şeýlelikde, ildeşlerimiz Malaýziýanyň çempionatyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdiler.

PDRM futbol topary Kuala-Lumpur şäherine wekilçilik edýär. 2019-njy ýyldaky futbol möwsüminde topar Malaýziýanyň çempionatynyň ikinji derejeli ligasynda ýaryşdy we dördünji orny eýeläp, saýlama duşuşyklaryň netijesinde Superliga çykdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda PDRM-iň baş tälimçisi Işak Kunju Mohammed türkmen futbolçylarynyň täze topara uýgunlaşmagy bilen bagly şeýle diýdi:

«Serdar Geldýew iňlis dilini bilýär, ýöne Şöhrat Söýünow bilenok. Men hemişe Serdar bilen aragatnaşyk saklaýaryn, ol meniň tabşyryklarymy Şöhrada terjime edip berýär. Ikisi-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy wekilleriniň hatarynda, şonuň üçin biri-biriniň güýçli taraplaryny bilýärler. Olar toparymyzdaky her bir oýunçy bilen düşünişip, Malaýziýanyň futbolyna uýgunlaşýarlar. Möwsümiň öňýanyndaky türgenleşiklerde olar özlerini gowy tarapdan görkezdiler. Men olaryň toparyň üstünliklerine goşant goşup biljekdigine ynanýaryn».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň