Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy

11:3922.02.2020
0
13327

Düýn ― 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde gurlan Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

2015-nji ýylyň iýun aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbi tutulan Lebap welaýatynyň baş metjidi sebitiň dolandyryş merkeziniň bezegine öwrüldi. Bu ýerde soňky ýyllarda halkara hil ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp desgalaryň birnäçesi guruldy.

5 gektar meýdanda gurlan desgalar öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina edildi. Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde altyn çaýylan Aýyň keşbi goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar. Metjidiň iki gatly binasynda 3 müň adama namaz okamaga şert bar. Birinji gatyň meýdany 3 müň 444 inedördül metre, zenanlar üçin niýetlenen ikinji gatyň meýdany 1 müň 609 inedördül metre barabardyr. Baş binany gurmakda we timarlamakda döwrebap bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamlary ulanyldy.

Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Şeýle hem, 390 awtoulaga niýetlenen awtoduralga göz öňünde tutuldy. Toplumyň ähli desgalary durmuş üpjünçiliginiň zerur ulgamlary — salkynladyş, ýyladyş, suw we energiýa üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.

Ajaýyp metjit diňe binagärlik gurluşy, içerki we daşarky bezelişi bilen däl-de, eýsem, abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen ýanaşyk ýerleri bilen hem gözüňi dokundyrýar. Agşamlaryna bolsa ol aýratyn keşbe girýär, muňa garaňky düşen wagtynda binanyň özboluşly reňk öwüşginleri ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň