Soňky habarlar

Arhiw

250-nji “Bugatti Chiron” görkezildi

13:1320.02.2020
0
2923
250-nji “Bugatti Chiron” görkezildi

Çendenaşa kuwwatly ulaglary öndürýän “Bugatti” kompaniýasynyň indiki aýyň başynda Ženewada geçiriljek halkara awtoulag sergisinde görkezjek ulagynyň suratlary ýaýradyldy. Fransuz brendi jemi 500 sanysy öndüriljek “Chiron” modeliniň 250-njisini sergä çykarar. Üç ýyldan bäri öndürilýän ulagyň mundan soňra öndüriljekleriniň 150 sanysy sargyt edilipdir. Köpçülige görkeziljek “Chiron Sport Edition Noire Sportive” atly model solak gara reňkli bolup, ulagyň içinde-de diňe gara reňk ulanylypdyr. “Bugatti”-ler sagatda 420 kilometr bilen hereket edýär. Kompaniýa 489 km/sagat bilen hereket edýän “Chiron Super Sport 300+” atly täze modeli hem öndürmegi maksat edinýär. Has ýokary tizlikli ulagdan jemi 30 sanysy öndüriler. Kompaniýanyň wekilleri öndüriljek ulaglaryň ählisiniň eýýäm sargyt edilendigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň