Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Istiklolda» türgenleşýär

23:2213.02.2020
0
5480

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow şu günler Täjigistanyň çempiony «Istiklolyň» düzüminde türgenleşýär. «Istiklol» 14-nji fewralda SSKA bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

AFK-nyň kubogy ― 2020-ä taýýarlygyň çäklerinde topar şu günler Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Antalýanyň Side şäherçesindäki «The Sense Deluxe» myhmanhanasynda ýerleşen «Istiklol» bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer.

Geçen ýyl Bişkegiň «Dordoýynda» çykyş eden Wahyt Orazsähedow dürli ýyllarda «Rubin», «Rostow», «Nefthimik», «Osmanlyspor», «Sabail», «Daçiýa», «Altyn asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Milli goşun» ýaly toparlarda futbol oýnady.

Türkmenistanly hüjümçi bilen baglaşyljak şertnama onuň ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky oýnuna bagly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň