Daşkendiň «Bunýodkorynyň» türkmenistanly hüjümçisi Selim Nurmyradow häzirki wagtda türgenleşikleri ýekelikde dowam etdirýär. Ýöne ol topar bilen hem işleşmäge girişdi diýip, «Championat.asia» habar berýär.
23 ýaşly futbolçynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Yragyň «Al-Zawra» bilen geçirilen duşuşygynda şikeslenip, 35-nji minutda meýdandan çykmaly bolandygyny ýatladýarys.
Kazanyň «Rubinine» degişli futbol mekdebinde tälim alan hüjümçi «Bunýodkor» bilen şu ýylyň dekabr aýyna çenli şertnama baglaşypdy.