Resmi habar: Arslanmyrat Amanowyň täze topary ― AGMK

22:0724.01.2020
0
8956

Özbegistanyň Almalyk şäherine wekilçilik edýän we Superligada ýaryş alyp barýan AGMK futbol topary türkmenistanly ýarym goragçy, milli ýygyndymyzyň 29 ýaşly kapitany Arslanmyrat Amanow bilen şertnama gol çekişdi. Tejribeli futbolçy öňümizdäki möwsümde şu toparyň üstünlikleri üçin göreşer.

«Almalykly futbol janköýerleriniň söýgüsini gazananan 2015 ― 2016-njy ýyllardaky möwsümlerde hem klubymyzyň abraýyny goran Arslanmyrat Amanow ýene-de öýüne dolandy» diýip, klubyň resmi saýtynda bu barada habar berilýär.

AGMK-nyň düzüminde ozal 55 duşuşykda meýdana çykyp, 8 gezek tapawutlanan ýarym goragçy 2018-nji ýylda «Buhoroda», 2019-njy ýylda «Lokomotiwde» hem futbol oýnady. Şeýle hem ol karýerasynda «Aşgabat» (2007 ― 2009), HTTU (2010 ― 2013), «Okžetpes», Gazagystan (2012), «Irtyş», Gazagystan (2014), «Altyn asyr» (2017) ýaly toparlarda hem çykyş etdi.

Arslanmyrat Amanow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda henize çenli 38 duşuşyk geçirip, şolarda 10 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň