Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlygy güýçlendirýär

08:3016.01.2020
0
7198

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyna taýýarlygyny güýçli depginde dowam edýär. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde giňişleýin habar çap edildi.

Türkmen hokkeýçileri şu günler Russiýanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Nemçinowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. Ussat özüniň 56-njy doglan gününi hem 14-nji ýanwarda Aşgabatda garşylady.

Ýakynda ýurdumyzyň hokkeý ýygyndysy «Dinamo ― Minsk» hokkeý klubynyň bazasynda iki hepdelik türgenleşikde bolup geldi. Bu ýerde «Ewoki», «Sparta» ýaly ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Hususanda, biziň hokkeýçilerimiziň Minsk şäheriniň «Spartasy» ýaly güýçli topary 5:1 hasabynda ýeňmegi olaryň barha kämilleşýändigini görkezýär.

Türkmen hokkeýçileriniň indiki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy mart aýynda, ýene-de Belarus Respublikasynda bolar. Lýuksemburgdaky dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda bolsa «Awazada» türgenleşiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň