«Batly-Gadam» hususy kärhanasy pagtadan taýýarlanan önümleriň eksportyny artdyrýar

12:1714.01.2020
0
15702

Ýüplük we jorap önümçiligi bilen meşgullanýan «Batly-Gadam» hususy kärhanasy pagtadan taýýarlanylýan önümleriniň eksportyny barha artdyrýar diýip, «Biznes-Türkmenistan» habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, hususy kärhana öz önümçiligine geçen ýyl 1750 gektar meýdanda gurlan önümçilik toplumynda girişdi.

Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň kuwwatly tehnikalary bilen üpjün edilen önümhanalarda her gün 13,5 tonna çenli ýokary hilli ýüplük taýýarlanylýar. Geçen ýyl önümiň 3826 tonnasy Russiýa we Türkiýä eksport edildi.

Hususy kärhananyň jorap önümçiliginde bolsa nemes tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Bölümde her gün 5 tonna ýüplük gaýtadan işlenilip, 50 müň jorap taýýarlanylýar.

Bu ýerde geçen ýyl 21 million jübüt jorap taýýarlanyp, önüm Russiýa, Azerbaýjan we Gazagystan ýaly döwletlere eksport edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň