Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň sany artýar

22:1210.01.2020
0
9618

Ykdysadyýetinde oba hojalygy esasy orun tutýan Daşoguz welaýatynda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu işe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary has saldamly goşant goşýarlar. Toplumlaýyn döwlet goldawy we ykdysady höweslendirmeler netijesinde telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmegi hem-de gaýtadan işlemegi we azyk önümleriniň giň görnüşini çykarmagy barha işjeň özleşdirýärler ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Mysal üçin, Ruhubelent, S. Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky we beýleki etraplarda gara mallary saklamaga niýetlenen şahsy fermalar gurulýar. Olaryň işe girizilmegi ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ekologiýa taýdan arassa et we süýt önümlerini öndürmegi artdyrmaga saldamly goşant bolar.

TSTB-niň agzasy Arslan Çowdurow golaýda Gubadag etrabynda täze maldarçylyk toplumunyň gurluşygyna girişdi. Taslamany durmuşa geçirmek üçin döwlet tarapyndan oňa 99 ýyl möhlete 103 gektar ýer bölünip berildi. Üç gektar ýerde mal ýataklar gurlar, galan ýüz gektarynda tapgyrlaýyn ot-iýmlik ekinler ekiler.

«Gaýratly türkmen» hususy kärhanasy Görogly etrabynda et we süýt öndürmäge niýetlenen iri maldarçylyk fermasyny gurýar. Onuň 223 gektar umumy meýdanynyň sekiz gektarynda ferma gurlar, galan ýerinde ot-iýmlik ekinler ekiler.

* * *

Ýurdumyzyň demirgazygynda howdanlary amatly ýagdaýda saklamaga we olaryň düýbüni arassalamaga niýetlenen döwrebap ýörite tehnikalaryň sany artýar. Meselem, geçen ýylyň ahyrynda Niderlandlarda öndürilen «Beaver» läbik çykjaryjy «Daşoguzýersuwgurluşyk» önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna berildi.

Sebitde dürli görnüşli «Beaver» kysymly läbik çykaryjylaryň dördüsi işledilýär. Olar kostruksiýasynyň berkligi, dolandyrylyşynyň ýönekeýligi, ýokary öndürijligi we ýerli howdanlarda zerur çuňlukdan läbik çykarmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Niderlandlarda öndürilen läbik çykaryjylaryň netijeli ulanylmagy müdirligiň hünärmenlerine suw serişdelerini tygşytly ulanmagyň depginini we hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň