Ante Mişe: «Arslanmyrat Amanow Ýewropa klublarynda oýnap biljek derejede güýçli»

19:4207.01.2020
0
16586

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Horwatiýanyň «Sportske novosti» neşirine beren interwýusynda türkmen futbolçylarynyň öňünde duran möhüm duşuşyklar barada aýtdy. Tälimçiniň hem aýdyşy ýaly, futbol ýygyndymyz şu ýyl Koreýa Respublikasy we KHDR bilen myhmançylykda, Liwan bilen Aşgabatda duşuşar.

— Koreýa Respublikasy bilen myhmançylykda boljak duşuşyk biziň üçin iň kyn oýun bolar. Esasy kynçylyk bolsa esasy düzümdäki wajyp oýunçylarymyzyň dördüsiniň sary kartlaryň aňryçäk serhedinde duranlygydyr. Olar soňky duşuşygymyzda ― Liwan bilen Aşgabatda boljak oýunda töwekgelçilik etmegi saýladylar. Olaryň arasynda kapitan Arslanmyrat Amanow hem bar.

Men pikirimçe, ol Ýewropanyň islendik toparynda ýokary derejede oýun görkezip biljek futbolçy. Ýöne men öňdebaryjy bäş çempionaty göz öňünde tutamok. Biziň sary kart sebäpli haýsy hem bolsa bir oýny goýberäýmegi ahmal oýunçylarymyzyň hatarynda hüjümçi Wahyt Orazsähedow hem bar. Ol geçen ýyl gyrgyz çempionatynda iň netijeli futbolçy boldy. Ýene bir ýarym goragçymyz bar, ol maňa Marselo Brozowiçi ýatladýar. Ol edil şonuň ýaly ganatdan hüjümi güýlendirmäge ökde. Nähili hereket etmelidigi barada häzirden oýlanýaryn. Belki, Koreýa Respublikasy bilen boljak duşuşykda olara dynç bermeli. Çünki garşydaşlarymyz juda güýçli, soňky duşuşyklar üçin artykmaç mesele gazanmak islemeýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň