Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze, 2020-nji ýyl garşylanyldy

03:1601.01.2020
0
36408

Türkmenistan Täze, 2020-nji ýyly uly dabaralar bilen garşylady. Aşgabatdaky esasy dabaralar «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada dikilen Baş arçanyň ýanynda geçdi.

31-nji dekabrda agşam bu ýer köp adamly boldy ― diýip, TDH-nyň habarynda ýazylýar. Bezegçileriň we dizaýnerleriň tagallalary netijesinde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança jadyly gyşky baga öwrüldi, bu ýerde garyň we gar syrgynlarynyň ýerine neon dekorasiýalary we elektrik gar tozgajyklary ulanyldy. Zer sapaklary bilen bezelen derwezeler we ötükler seýilbaglarynyň wezipesini, ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşanlary bolsa owadan şarlar bilen bezelen ýurdumyzyň Baş arçasy üçin baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Meýdançada gurnalan sahnada Täze ýyla bagyşlanan döredijilik eserleri bilen köpçüligi begendiren meşhur estrada aýdymçylarynyň, ussatlaryň we parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň ýaýbaňlandyrylýar. Tansly çykyşlar, söýgi we joşgunly aýdymlar ýaňlanýar.

Meşhur «Aşgabat», «Meňli» tans toparlarynyň hem-de Döwlet tans toparynyň tanslary aýdymçylaryň çykyşlary bilen utgaşdy. Konsert iki sagada golaý dowam etdi hem-de tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmagy bilen ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde «Hoş geldiň, Täze ýyl!» aýdymy bilen tamamlandy.

Dabarany alypbaryjy ähli watandaşlarymyzyň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Soňra ol däbe öwrülen baýramçylyk teleköprüsiniň, Täze ýyl gijesi türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň dolandyryş merkezleri bilen birleşdirýän çäräniň başlanýandygyny yglan edýär.

Teleýaýlymlara göni teleköpri arkaly çykmak ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ajaýyp baýramçylygyň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan nähili baýram edilýändigini synlamaga mümkinçilik berýär, olar hem öz gezeginde Aşgabatda guralan Täze ýyl dabaralaryna goşulyşyp, paýtagtly ýaşaýjylaryň şatlyklaryny paýlaşdylar.

Ähli türkmenistanlylaryň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýadawsyz zähmeti we Watanymyzyň, eziz halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri üçin çäksiz hoşallyk beýan edildi.

Şowhunly, köp mähelleli meýdança ümsümlik aralaşýar — hemmeleriň ünsi teleekranlara gönügýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär.

Birnäçe wagtdan sagadyň dilleri bir nokatda birleşdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra baýramçylyk feýerwerki nurana asmanymyzy bezedi. Täze ýyl täze gadamlar bilen türkmen topragyna gadam basyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň töweregini dürli yşyklar bilen ýagtylandyrdy.

***

Täze ýyl agşamy ajaýyp baýramçylyk ähli şäherleri we obalary, Watanymyzyň her bir künjegini gurşap aldy. Tüýs ýürekden çykýan şatlyk duýgulary seýilgählerde we seýilbaglarynda, meýdançalarda we köçelerde, teatr we aýdym-saz sahnalarynda äşgär duýuldy.

Täze ýylyň gahrymanlary — Aýazbaba, Garpamyk, 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk, ähli baýramçylyklaryň däbe öwrülen gahrymany Wepaly alabaý bilen bilelikde uly adamlary we çagalary aýdym-sazlaryň şirin owazlarynyň astynda arçalaryň töweregine birleşdirdi.

Belli artistleriň, ýaş estrada we sirk artistleriniň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda görkezilen dürli öwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlar, joşgunly aýdym-sazly konsertler türkmenistanlylara özboluşly sowgat bolup, adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň