«Japan Airlines» awiakompaniýasy Olimpiýa oýunlary döwründe daşary ýurt raýatlaryna 50 müň petegi mugt berer

21:4630.12.2019
0
38526

Ýaponiýanyň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan «Japan Airlines» ýurtda Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlara içerki gatnawlar üçin 50 müň petegi mugt bermek kararyna geldi diýip, CNN ýazýar.

Habarda aýdylyşy ýaly, daşary ýurtly syýahatçylar 1-nji iýul ― 30-njy sentýabr aralygynda awiakompaniýanyň içerki gatnawlar boýunça hyzmatlaryndan mugt peýdalanyp bilerler. Mugt petekleri Tokio, Osaka we Kansaý şäherleriniň halkara howa menzillerinden alyp bolar.

Bu aksiýany syýahatçylyk agentlikleri bilen bile gurnan awiakompaniýa ýurduň oba hojalyk bilen meşgullanýan etraplaryna baryp görmäge hem mümkinçilik döreder.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 24-nji iýul ― 9-njy awgust, Paralimpiýa oýunlary 25-nji awgust ― 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň