Robert Grdowiç: «Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynyň çärýek ýa-da ýarym finalyna baryp biler»

00:1908.12.2019
0
10416

Ozal hem habar berlişi ýaly, 6-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Olimpiýa» myhmanhanasynda futzal boýunça 2020-nji ýylyň 26-njy fewraly ― 8-nji marty aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç öz pikirlerini beýan etdi.

– Aziýa çempionaty ― 2020-den siz nähili netijelere garaşýarsyňyz?

– Yklym ýaryşy Türkmenistanyň taryhynda uly waka öwrüler. Men bu çempionatyň türkmenistanly ýaşlarda futzala bolan söýgini has artdyrjakdygyna ynanýaryn. Çempionat Türkmenistanyň ýygyndysy üçin örän möhüm. Biz çempionata iň gowy şertlerde ýokary derejede taýýarlyk görýäris.

– Siziň pikiriňizçe, çempionlygyň esasy dalaşgäri niräniň ýygyndysy? Türkmneistanyň ýygyndysynyň toparçadan çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçiligi barmy?

– Meniň pikirimçe, çempionlygyň ilkinji dalaşgäri Eýranyň ýygyndysy bolar. Ýöne nämäniň näme boljakdygyny diňe çempionatyň özi görkezip biler. Türkmen futzalçylary ― ýer eýeleri. Ilkinji maksadymyz ― toparçada birinji orny eýelemek. Men oýunçylarymyň çärýek ýa-da ýarym finala  çenli baryp biljekdigine ynanýaryn. Yklym çempionatynyň iň gowy bäş ýygyndysy indiki ýyl Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga ýollanma alar.  Şonuň üçin hem bir duşuşyk dartgynly geçer. Bu ýere gatnaşýan her bir topar güýçli, ýöne sportda şowlulygyň hem paýynyň az däldigini aýtmak gerek. Sportda her hili ýagdaý bolup biler.

– Türkmen futzalçylarynyň kämillik derejesi barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Heniz aňrybaşy däl, ýöne erbet hem däl. Biz öňümizde duran üç aýa ýakyn wagtyň içinde türgenleşiklerimizi has-da güýçlendirmegi maksat edinýäris. Futzalçylarymyzyň her biri öz başarnyklaryny kämilleşdirip, Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda iň gowy netijäni görkezmäge çalyşmaly. Hut, şeýle bolar diýip pikir edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň