Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň Ýerine Ýetirijisi sekretary S.N.Lebedow Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy

16:1711.10.2019
0
6962

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetinin Başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary Sergey Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyň «BitarapIyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda» Permana gol çekdi. Resminamada şeýle diýilýär:

«Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem halkara durmuşyna işjeň gatnaşandygyny, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary Sergey Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyn «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabry»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň