Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen sinoptikleri howa maglumatyny taýýarlamagyň täze usullaryny ele alýarlar

17:5808.10.2019
0
5864

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň hünärmenleri Orta Aziýada ilkinji bolup, sebit üçin howanyň ýagdaýyny modelirlemegiň we howa maglumatyny taýýarlamagyň täze nusgasy bilen tanyşdylar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«Türkmengirdometiň» edara binasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-türgenleşigine howa maglumatyny taýýarlaýan sinoptikler, howa öwreniji-seljerijiler, oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar NetCDF programma üpjünçiligi we ylmy maglumatlary alyşmak üçin standartyň goşundysy bilen tanyşdyryldy.

Okuwda çykyş eden GIZ-iň gazagystanly halkara bilermeni Dauren Žumabaýew çykyş edip, meteorologiýa maglumatlary bilen işlemegiň şu görnüşiniň artykmaçlygy barada gürrüň berdi, ony birnäçe günden bir ýyla çenli dürli wagtlarda ygallaryň düşüşini we howanyň ýagdaýyny görkezýän bütewi karta birleşdirip bolýar.

Okuwa gatnaşanlar köpugurly modul arkaly ýurt boýunça ygalyň düşüş ýagdaýyny seljerdiler. Olaryň aglaba bölegi Balkan welaýatyndaky subtropik ýerleriň paýyna düşýär, has gurak ýerler bolsa, Garagumda, «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.

Programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrylyş we amaly sapaklar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi üçin howanyň üýtgemegini nazarda tutup ýerden durnukly peýdalanmak» Sebit maksatnamasynyň goldaw bermeginde geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň