Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýyldaky mejlisi Aşgabatda geçiriler

17:4126.09.2019
0
19520

Türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alyp maslahatlaşmak, döwletimizi we jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giriziler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny dörediler we onuň düzümi tassyklanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň