Türkmenistanyň Prezidenti täze gelen ýolagçy gämisinde gezelenç etdi

05:5909.08.2019
0
12244

Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň türkmen kenaryna täze gelen ýolagçy gämisinde - «Rowaçda» gezelenç etdi. Milletiň Lideri gäminiň ýanynda saklanyp, onuň kapitanynyň hasabatyny kabul etdi diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidenti gäminiň deňze çykmagyna ak pata berip, egindeşleri bilen gämä mündi we deňizde gezelenç etdi.

Döwlet Baştutany deňizde gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenarynyň baý tebigy mümkinçilikleriniň doly herekete getirilmegi syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň geljekde hem okgunly ösdürilmegine ýardam eder diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň