Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: " Naýbaşy kubogy bäşinji gezek gazanmak birinji gezek gazanan ýaly däl"

23:2504.08.2019
0
5133

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew «Köpetdag» stadionynda Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykdan soňra «Türkmenportala» interwýu berdi. Tälimçi söhbetdeşligimizde duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.

― Biz Naýbaşy kuboga bäşinji gezek mynasyp bolduk, ýöne bizde bu Kubogy birinji gezek gazanan ýaly duýgy bar diymek kyn. Bu ― Kubok duşuşygy. Diňe ýeňiş üçin oýnaýarys. Şol bir wagtyň özünde-de bu duşuşyk indiki etsem-goýsamlarymyza hem taýýarlykdyr.

― Duşuşygyň ykbaly ikinji ýarymda çözüldi. Gazanylan ýeňiş barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Hemişe-de, arakesmeden soň oýnamak kyn bolýar. Köp sanly tehniki ýalňyşlyklar goýberilýär. Köp yhlasdan soňra futbolçylarymyz durnukly oýny ele almagy başardylar. Maksat ― oýnuň gidişini ele almak, netije ― ikinji orunda. Heniz käbir babatda kemçiliklerimiz bar. Ikinji ýarymda, ýalňyşmasam, garşydaş biraz ýadady. Olar oýun pursatlarynda ýalňyşlyklary goýberdiler, biz bolsa mümkinçiliklerden peýdalanyp, hasaby öz haýrymyza üýtgedip bildik.

― «Altyn asyryň» futbolçylarynyň tejribesi kömege geldi diýip bilerismi?

― Garşydaş birinji geçirilen pökgä çenli goragy üstünlikli alyp bardy, gowy «ýapyldy». Elbetde, biz garşydaş toparda ýaş futbolçylaryň oýnaýandygyny bilýäris. Ýöne olary güýçli göreş bilen hem gutlamak isleýäris. Beýle duşuşyklarda ilkinji pökgä çenli has kyn bolýar. Duşuşygyň dowamynda geçiren pökgülerimizden başga-da amatly pursatlar boldy. Ýöne futbol her bir amatly pursadyň gol bilen tamamlanmaýanlygy üçin hem gyzykly.

― «Altyn asyra» öňde has möhüm duşuşyklar ― AFK-nyň kubogy ― 2019-yň Interzolagynyň ýarym finaly garaşýar. Wýetnamly garşydaşlaryň haýsy biri bilen oýnamak islärdiňiz? Ýa-da size tapawudy hem ýokmy?

― Çynymy aýtsam, tapawudy ýok. Çünki garşydaşlarymyzyň ikisi hem bize ýat topar däl. Ol duşuşyga çenli Türkmenistanyň çempionatynda hem birnäçe oýnumyz bar. Häzir esasy taýýarlygymyz milli çempionata gönükdirilen. Şonuň üçin men mümkin bolan garşydaşlarymyzyň arasyndaky tapawudy görmezýärin. Olaryň ikisi hem güýçli topar, galany hem biziň oglanlarymyzyň yhlasyna bagly.

― «Altyn asyr» bu duşuşyklaryň öňüsyrasynda Ýewropada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny hem geçdi...

― Hawa, Bolgariýada iki hepdelik ýygnanyşykda bolduk. Iki hepdede üç ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdik: birinde ýeňildik, birinde deňme-deň oýnadyk, ýene birinde-de üstün çykdyk. Ähli garşydaşlarymyz örän güýçlüdi. Aslynda, biz ähli ýygnanyşyklarymyzda güýçli toparlar bilen duşuşmaga çalyşýarys. Şeýdilende, toparlaýyn oýnuň hilini ýokarlandyryp bolýar. Oýnuň tizligini ýokarlandyrmak biziň çempionatymyza hem azda-kände bolsa-da zerur. Çünki halkara duşuşyklarda biz, köplenç, güýçli garşydaşlar bilen duşuşýarys.

― Käbir oýunçylaryň şikesden saplanyp, ýene-de topara gaýdyp gelendigini hem bellemek gerek. Mysal üçin, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna giren Mihail Titowy belläp bolar.

― Myrat Ýagşyýewde azda-kände şikes bar, muňa garamazdan, ol Türkmenistanyň çempionatynyň birinji we ikinji aýlawlarynda yzygiderli oýnady. Mihail Titow operasiýadan soň doly sagaldy. Biz ony Bolgariýadaky ýygnanyşykda hem birnäçe duşuşyga goýberdik. Ol tas-kem iki ýarymda hem doly oýnady. Häzir özüni gowy duýýar. Elbetde, heniz işjeň ýagdaýa dolanmak gerek. AFK-nyň duşuşyklaryna çenli bizde biraz wagt bar. Titow oňa çenli doly taýýar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň