Soňky habarlar

Arhiw

"Laçyn" folklor topary “Altyn garagöz” atly XXXIII-nji halkara milli tanslarynyň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

23:5514.07.2019
0
9504

7-nji 12-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde “Türksoý” halkara guramasynyň guramagynda “Altyn garagöz” atly XXXIII-nji halkara milli tanslarynyň bäsleşigi geçirildi. Bu halkara bäsleşigine biziň ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýalar ministrliginiň Türkmen howa ýollary agentliginiň “Laçyn” tans-saz folklýor topary gatnaşdy.

Bu bäsleşige 26 döwletden tans we folklýor toparlary gatnaşdylar. Bäsleşik birnäçe tapgyrlar boýunça geçirilip, dürli ýerlerde çykyşlar gurnaldy. Halkara bäsleşigiň şertlerine göra, tans hereketleriniň birmeňzeşlerine aýratynlygyna, tansyň üsti bilen şol milletiň dessurlaryna, şeýle hem milli egin-eşik medeniýetiniň aýratynlyklaryna üns berildi. “Laçyn” tans-saz folkýor topary birnäçe halkara festiwallarynyň we bäsleşikleriniň ýeňijisi bolup gelýär. Bäsleşikde “Laçyn” tans-saz folkýor topary 2-nji orny eýeläp kümüş kuboga we 3000 ýewro pul baýragyna mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň