Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyryň" Interzolagyň ýarym finalyndaky garşydaşy 2-nji iýulda belli bolar

12:0730.06.2019
0
4488

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň soňky tapgyrynda täjikleriň “Istikloly” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” AFK-nyň interzolagynyň ýarymfinalyna çykmagy başardy diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň toparynyň ýarymfinalda bolup biläýjek garşydaşlarynyň ikisi belli boldy. Olaryň birinjisi Bangladeşiň “Abahani Limited”, ikinjisi bolsa Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” topary bolar. Ýarymfinalda çykyş etjek dördünji topar bolsa Wýetnamyň “Hanoý” hem-de “Binzyong” toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soň belli bolar.

AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinallarynyň bije çekişlik dabarasy 2-nji iýulda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiriler. Interzolagyň ýarymfinal duşuşyklarynyň birinjisi 20-21-nji awgustda, ikinjisi bolsa 10-11-nji sentýabrda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl “Altyn Asyr” AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş etmegi başarypdy. Şonda toparymyz Yragyň “Air Force Club” toparyndan 2:0 hasabynda ýeňlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň