Türkmenistanda doglan belli kosmonawt Oleg Kononenko 25-nji iýunda älem giňişliginden Ýere dolanyp geldi. Şeýlelikde, ol älemde umumylykda 737 gije-gündiz bolup, täze dünýä rekordyny goýdy.
Kosmonawtlaryň taýýarlanyş merkeziniň ýolbaşçysy Pawel Wlasowyň aýtmagyna görä, älem giňişligine dört gezek çykan 55 ýaşly kosmonawt Ýuriý Malençenkonyň 702 günlük rekordyny täzeledi.
"Oleg Dmitriýewiçiň täsin rekordyny habar bermäge rugsat ediň. MKS-niň bortunda 737 gije-gündiz älem giňişliginde boldy. Heniz bu derejä hiç kim ýetmedi" diýip, Wlasow bu habary paýlaşdy.
Ol öz sözünde kosmonawtyň öz işine ýene-de dowam etdirjekdigine we rekordyny täzeläp biljekdigine ynam bildirdi.
Kononenko kanadaly Dawid Sen-Žak we NASA-nyň astronawty Enn Makleýn bilen bilelikde MKS-niň bortunda bolup, sişenbe güni 7 aýlyk älem syýahatyndan dolanyp geldi.Olar giňişlige "Soýuz MS-11" älem gämisinde çykdylar.