Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň esasy wakalarynyň ýyl ýazgylarynyň 11-nji kitaby neşir edildi

23:5125.06.2019
0
4664

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply syýasy we guramaçylyk işi barada dowamly çap edilýän neşiriň 11-nji goýberilişi neşir edildi. Kitapda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýen şygar astynda geçen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti we manysy açylyp görkezilýär. 

Türkmenistanyň iň täze taryhynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň wakalary ýyl ýazgylarynda yzygiderli tertipde beýan edilip, olarda öňdengörüjilikli pikir ýöretmek, ýokary duýgurlyk we guramaçylyk ukybyna eýe bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýylyň dowamyndaky köptaraply, netijeli işi aýdyň beýan edilýär. Milli Liderimiziň kabul edýän oýlanyşykly çözgütleri, halkyň ynamyna bolan daýanjy ykdysadyýet, durmuş, ylym-bilim, medeni ulgamlar babatdaky reformalary, demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi materiallary esasynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kanunlary, kabul eden Permanlary, Kararlary, Buýruklary, ýurdumyzyň Hökümetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçirilen mejlisleri, wideoşekilli iş maslahatlary, milli Liderimiziň ýurdumyz boýunça we daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, ýokary derejede hem-de jemgyýetçilik-syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklary barada maglumatlar çap edildi.

Wakalaryň ýyl ýazgylary, tutuşlygyna alanyňda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen eziz Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň möçberliligini aýdyň görkezýar. Ýurdumyz bolsa parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadamlar bilen öňe barýar.

Kitap Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyp, ol publisistik häsiýete hem-de ylmy-öwredijilik ähmiýete eýedir we ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri wagyz etmekde möhüm orun eýeleýär. Neşir ynsanperwer ylymlar bilen meşgullanýan alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin niýetlenendir. Ýyl ýazgylary türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi, munuň özi okyjylaryň sanynyň has-da artmagyna ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň